tüýkürmek

tüýkürmek
işlik
1) Agyz boşlugyna ýygnanan tüýküligi «tüf» edip çykarmak.
∙ Çilimini yzly-yzyna çekip, ýere bir-iki ýola tüýkürdi-de, tüpeňini alyp, boýnundan asdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Şu ýerde onuň gahary hem gelip, ýüzüni bir ýanlyga sowdy-da, «tüf» edip tüýkürdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
2) Dini düşünjä görä: «göz degmesin» diýen manyda «tüf tüf» etmek, tüflemek.
bir çukura tüýkürmekBir zat barada agyz birikdirmek, belli bir karara gelmek, wadalaşmak, şertleşmek.
∙ Hemmesi bir çukura tüýkürişip, şu gün agşam oba şurany ýitirim etmegi maslahat etdiler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
∙ Bir çukura tüýkürip-de, Bir leşeliň biz, barymyz. (B. Kerbabaýew, Pozmalar)
ýaka tüýkürmekseret ýaka
ýüzüne tüýkürmekseret ýüz 1

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужен реферат?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»